Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşine Wepaly atly alabaý güjügi sowgat berdi

11-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine geldi.

Gara deňziniň gözel kenarynda ýerleşen «Radisson Blu Resort & Congress Centre» kaşaň myhmanhanasynyň Konresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy boldy.

Russiýanyň baştutany türkmen kärdeşine Soçi şäherine gelip görmek hem-de GDA-nyň Sammitine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem ýakynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda RF-niň wekiliýetine mähirli myhmansöýerli bildirendigi üçin türkmen kärdeşine hoşallyk bildirdi.

Prezident Wladimir Putin Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm, düýpli ylalaşyklara gol çekilendigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli bilelikdäki iş üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň Liderini ýakynda bellenilen doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Prezidentine berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri we ähli abadançylyklary arzuw edip, rus kärdeşine Wepaly atly alabaý güjügi sowgat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, alabaý itleri gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň wepaly hemrasy we dosty bolup durýar. Wepaly atly alabaý itiniň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däldir.

Günüň ikinji ýarymynda “Radisson Blu Resort & Congress Centre” kaşaň myhmanhanasynyň Konresler merkezinde GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi açyldy, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy öz daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde hasaplap, GDA-nyň döwletleri bilen gatnaşyklary hoşniýetli erk-islegiň, taryhy emele gelen dostlukly däpleriň, birek-biregiň bähbidini hormatlamagyň esasynda, deňhukukly açyk gatnaşyklar hem-de özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde gurýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-yň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň öz daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. 

Meňzeş täzelikler

2014