Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşinde hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmek başlangyjyny öňe sürdi

Soçide GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşinde eden çykyşynda GDA-nyň ykdysady ulgamda özara gatnaşyklarynyň köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen, biz hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmegiň mümkinçiliklerine seredip bilerdik, diýip belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ulgamda hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňe geçip, Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlyga sarpa goýýandygyny, oňa Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň daşary gatnaşyklarynyň örän ähmiýetli bölegi hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, türkmen Lideri GDA ýurtlarynyň arasyndaky özara ynamyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna üns bermegiň maksada laýykdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi zerurdyr. Şunda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň uly mümkinçilikleri peýdalanylmalydyr.

Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän DIM-ara geňeşmeler GDA giňişliginde toplanan birnäçe meseleleriň çözülmeginde çynlakaý gural bolup hyzmat ederdi, diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen Lideri söwda-ykdysady ugurda işleri anyklaşdyrmagyň geljekki möhüm waka bolup durýandygyny belläp, Arkalaşygyň öz ägirt uly mümkinçiliklerini aýratyn giňişlik hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna has işjeň hem-de doly derejeli goşulyşmagynyň zerurdygyny nygtady. GDA-nyň giňişliginde ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýar, häzirki zaman düzümleri, sebitara ähmiýetli aragatnaşyk –logistika merkezleri döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda anyk çäreleriň kabul edilmelidigi barada pikir aýtdy, munuň özi umumy bähbitlere hem, aýry-aýry ýurtlaryň bähbitlerine hem laýyk gelýär.

Elbetde, şeýle wezipäni ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki işlere täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamak zerur bolar diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Bu babatda GDA-nyň ykdysady ulgamda özara gatnaşyklarynyň köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen, biz hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmegiň mümkinçiliklerine seredip bilerdik. Olar Arkalaşygyň çäklerinde diňe ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge däl-de, eýsem olary yklym we yklymara derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz şeýle çemeleşmäniň ykdysady hyzmatdaşlykda eýýäm ýola goýlan hem-de GDA döwletleriniň arasynda hereket edýän ykdysady hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirip biljekdigine ynam bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow aýdanlaryny jemlemek bilen, Türkmenistanyň bitarap derejesini nazara almak hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça özara gatnaşyklary dowam etmäge, özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ygrarly bolup galýandygyny belledi.

Russiýa Federasiýasynyň şu ýyl GDA başlyklyk ediji ýurt hökmünde netijeli işleri alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek bilen milli Liderimiz türkmen tarapynyň 2018-nji ýylda bu wezipä Täjigistanyň saýlanmagyny uly hormat bilen goldaýandygyny belledi, şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanyň başlyklyk edijileriň biri hökmünde goldanylýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetine minnetdarlyk bildirdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014