ÝHHG-niň ýardamynda geçirilen Akademik forum Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlyga gönükdirilýär

Hökümet düzümleriniň wekilleri, diplomatlar, şeýle hem Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň ylmy barlag institutlarynyň we ykdysady toplumynyň bilermenleri geçen hepdede ÝHHG-niň goldaw bermeginde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda Akademik foruma gatnaşdylar. Bu barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň saýtynda habar berilýär.

Bu möhüm çäre Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Strategik barlaglar merkeziniň Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.

Forumyň çäklerinde Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegiň mümkinçilikleri we täze gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, çykyş edenler energetika ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek, sebit we döwletara gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem sebit söwdasy we üstaşyr geçirmeler üçin mümkinçilikler ýaly meseleler barada belläp geçdiler.

Foruma gatnaşyjylar söwda, üstaşyr geçelgeler we kommunikasiýa işiniň kadalaryny sebitleýin ýeňilleşdirmegiň mümkinçilikleri we kuwwaty, Owganystanyň ornuny nygtamak bilen sebitde ykdysady hyzmatdaşlygyň we integrasiýanyň ýollaryny öwrenmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

«ÝHHG dürli başlangyçlaryň üsti bilen Owganystana ýardam etmek maksady bilen hemişe dürli tagallalary durmuşa geçirýär we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi býujetden daşary taslamanyň çäklerinde Stambul prosesine, başgaça «Aziýanyň ýüregi» prosesine gatnaşyjylaryň arasyndaky sebitleýin infrastrukturalary ösdürmek boýunça gepleşikleri ilerletmäge gönükdirilen bu çäräni gurnamaklyga ýardam etdi» - diýip ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, «geçirilen bu forum dürli halkara, sebit wemilli hyzmatdaşlaryň arasynda Owganystan boýunça ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde gepleşikleri çuňlaşdyrmaga örän oňat mümkinçilik berdi».

Garaşylyşy ýaly, Akademik forumyň netijeleri 2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän RECCA VII iş toparynyň esasy forumynyň we mejlisiniň dowamynda pikir alyşmalar üçin esas bolup çykyş eder.

2005-nji ýyldan başlap, Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça maslahat (RECCA) Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýada serhetüsti ykdysady gepleşikler, özara ynanyşmagy berkitmek we hereketleri amala aşyrmak üçin öňdebaryjy platforma bolup çykyş edýär.

Akademik forum dürli ýurtlaryň alymlary, analitikleri we syýasy işgärleri üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem bu giň sebitde ykdysady hyzmatdaşlyga päsgelçilik döredýän faktorlary aradan aýyrmak boýunça çäreleri işläp düzmäge platforma bolup hyzmat edýär.

Ýatlap geçsek, geçen hepdede Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda Mohammad Aşraf Gani onuň Watanynda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmekde ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň örän uly orun eýeleýändigini belledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda barýar. Günorta-Gündogar Aziýanyň uly ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek täze energetika desgasy tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, müňlerçe iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamynda, elektroenergetikada hyzmatdaşlyk örän ähmiýetli bolup durýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz geljekde hem goňşy Owganystany dikeltmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşmagy hem-de onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi, şonuň bilen birlikde owgan halkynyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyna goldaw bermegi maksat edinýär.

Meňzeş täzelikler

2014