«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bahasy kesgitlenildi

«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bahasy 41,5 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar. Bu barada «Günorta gaz geçelgesi» ÝGPJ-niň ýolbaşçysy Afgan Isaýew Bakudaky Argus 2017 Halkara nebit sammitinde aýtdy.

Maliýeleşdirmegiň şu möçberiniň 11,8 milliard dollary Azerbaýjanyň paýyna düşýär. Şu möçberden 7,8 milliard dollar bölünip berildi.

«Şah Deňiz-2» taslamasynyň bahasy 23,9 milliard dollara barabar. Bu möçberden 16,4 mlrd dollar maliýeleşdirildi, taslamanyň özi 96 göterim tamamlandy.

Günorta Kawkaz turbageçirijisini giňeltmegiň bahasy 4,7 milliard dollara barabar bolup, şol möçberden 3,8 milliard dollar bölünip berildi. Taslama umuman 98 göterim ýerine ýetirildi.

TANAP-yň bahasy 8 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar (ilkibaşdaky 9,5 milliard bilen deňeşdireniňde). 4,5 milliard dollar özleşdirildi, taslamanyň özi bolsa 82 göterim ýerine ýetirildi.

TAP 4,5 mlrd ýewro möçberinde bahalandyrylýar, şol möçberden 2,3 mlrd ýewro eýýäm bölünip berildi. Ösüş 53 göterim görnüşinde bahalandyrylýar» diýip Trend Isaýewiň aýdanlaryny getirýär.

Ol şeýle hem 2018-nji ýylyň ahyryna çenli «Şah Deňiz-2-den» ilkinji gazyň Türkiýä iberiljekdigi barada belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Azerbaýjanyň paýynyň maliýeleşdirilmegi birnäçe çeşmeleriň hasabyna geçirildi.

«2014-nji ýylda içerki bazarlarda 2,5 mlrd möçberde ýewrobondlaryň çykarylyşy amala aşyryldy. Ol Azerbaýjanyň Döwlet nebit gaznasy tarapyndan (SOFAZ) satyn alyndy. 2015-nji ýylda 2,4 mlrd dollar möçberde maliýe serişdeleri goýberildi. 2016 we 2017-nji ýyllarda her biriniň möçberi bir milliard dollara barabar bolan ýewrobondlaryň ikisiniň irland biržalaryna çykyşy amala aşyryldy. Şeýle hem Halkara abatlaýyş we ösüş bankyndan 400 mln dollarlyk kredit (350,2 million dollar özleşdirildi) we Aziýanyň infrastruktura maýa goýumlary bankyndan 600 mln dollar (525,3 million dollar özleşdirildi) kredit alyndy» diýip Isaýew aýtdy.

«Günorta gaz geçelgesi» ÝB üçin geljegi uly taslamalaryň biri bolup, ol Hazar sebitinden 10 milliardan gowrak azerbaýjan gazyny Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermekligi göz öňüne tutýar.

Birinji tapgyrda «Şah Deňiz» azerbaýjan gaz kondensatly känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde çykaryljak gaz bu taslama üçin esasy çeşme hökmünde görülýär. Taslamanyň soňky tapgyrlarynda oňa beýleki çeşmeler hem goşulyp biler. Käni işläp taýýarlamagyň ikinji tapgyrynda gaz Türkiýä we ýewropa bazarlaryna Günorta Kawkaz gaz geçirijilerini giňeltmek we Transanatoliý (TANAP) we Transadriatik (TAP) turbageçirijilerinni gurmak arkaly eksport ediler.

 

Meňzeş täzelikler

2014