Türkmenistanyň paýtagtynda ilkinji golf-klub açyldy, ikinjisi «Awazada» gurlar

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ýurtda ilkinji golf-klub açyldy.

Dabaranyň barşynda döwlet Baştutany top boýunça ilkinji urgyny edip, Aşgabadyň golf toplumynyň işlemäge başlandygyny alamatlandyrdy.

Döwlet Baştutanynyň dabarada belleýşi ýaly, heniz gadymy döwürlerde, türkmenleriň arasynda golfa meňzeş çilik oýnunyň oýnalandygyny belledi. Bu oýun adamda çakganlygy, ünslüligi, başarjaňlygy we sagdynlygy terbiýeleýär we kuwwat berýär.

Golf-klubynyň gurluşyk işleri «Myradym» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Bu kärhana Hazarýakasyndaky «Awaza» sport toplumyny hem gurupdy. Taslama-konsalting işleri ABŞ-nyň Nicklaus design kompaniýasy tarapyndan geçirildi.

Bellenilişi ýaly, paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň günortasynda ýerleşýän Golf sport toplumynyň umumy meýdany 70 gektardan ybarat. Toplumda edara we hyzmat ediş binalary, 18 çukur, 4 emeli köl hem-de bir emeli çeşme, awtoulaglar üçin 90 orunlyk ýerasty hem-de ýerüsti duralga guruldy.

Şu günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti we «Niklaus» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Jek Niklaus bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Jek Niklaus ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň hem-de tutuş ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, dünýäde giňden ýaýran golfuň ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýeti bar. Bu oýun bedeni taplamak bilen birlikde ýürek-damar, süýjükesel, göwnüçökgünlik ýaly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Adamyň aň-bilim hem-de sport başarnygyny artdyrýar. Uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy barlaglar golfuň ynsan ömrüni uzaltmakda örän möhümdigini tassyklaýar.

Ýurtda golf sportunyň ösmegi üçin amatly şertleriň bardygyny belläp, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygy A.Dadaýewe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňiz şypahana şertlerini nazara alyp golf-klubyny gurmagy tabşyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014