Albaniýa Ýewropa ýurtlaryna Hazar sebitinden gelýän tebigy gaz ibermelerini almaga kömek eder

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermekligi göz öňünde tutýan Transadriatik turbageçirijisi (TAP) Albaniýanyň sebitleýin gaz üstaşyr geçirijä öwrülmegine kömek eder, diýip TAP-yň söwda we daşary aragatnaşyklar bölüminiň direktory Ulrike Ander Emerging Europe portalyna beren interwýusynda belledi, diýip Trend habar berýär.

Direktoryň belleýşi ýaly, TAP alban energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin esas döretmäge ýardam eder. «Albaniýa ýurduň gaz ulgamyny ösdürip biler. Gaz ulgamynyň ösdürilmegi bolsa, elektroenergetika öndürmek üçin kömüre bolan baglylygyň azalmagyny aňladýar. Netijede energetika toplumy boýunça alban görkezijileri düýpli gowulanar».

Albaniýa Günorta-Gündogar Ýewropany gazlaşdyrmakda möhüm orun eýeläp biler. Bu bolsa sebitiň beýleki döwletlerine Hazar sebitinden gelýän tebigy gaz ibermelerine goşulmaga mümkinçilik berer – diýip Anders aýtdy.

Bahasy 4,5 mlrd ýewro barabar bolan TAP «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bir bölegi bolup, türk-grek serhedinde beýleki bir gaz geçiriji — TANAP gaz geçiriji bilen birleşdiriler. Ol Gresiýanyň, Albaniýanyň territoriýalary, Adriatik deňziň asty boýunça geçiriler, soňra Italiýanyň günortasyna gönükdiriler.

TAP-yň ilkibaşdaky kuwwaty iki esse artdyrmak mümkinçiligi bilen ýylda 10 mlrd kub metr tebigy gaza barabar bolar.

TANAP-yň gurluşygynyň 2018-nji ýylda, TAP bolsa 2020-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.

Turbageçirijiniň uzynlygy 878 kilometre barabar bolup, onuň 550 km Gresiýanyň çäklerinden, 215 km Albaniýadan, 105 km Adriatik deňziň düýbünden we 8 kilometri Italiýadan geçer.

 

Meňzeş täzelikler

2014