Nebit gymmatlaýar: Brent - $58,24, WTI - $51,88

18-nji oktýabrda 7:47 wagta çenli ýagdaýda Brent kysymly nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy 36 sent (0,6 göterim) ýokarlanyp, barreli 58,24 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy şol wagta çenli 20 sent (0,4 göterim) gymmatlap, barreli 51,88 dollara deň boldy, diýip rus Nebitgaz habarlary agentligi habar berýär.

17-nji oktýabrda wolatil sessiýadan soň nebitiň bahalary üýtgemedi diýen ýaly. Ilkibaşda «gara altyn» Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň artýanlygy sebäpli gymmatlady. Soňra Yragyň Kirkuk welaýatynda nebit önümçiligini artdyrmak baradaky beýanyndan soň nebitiň bahalary aşaklap başlady.

17-nji oktýabryň söwda-geleşikleriniň netijeleri boýunça Brent kysymly nebitiň bahalary Londondaky ICE Futures biržasynda 0,06 dollar (0,1 göterim) ýokarlanyp, barreli 57,88 dollara deň boldy, diýip Finmarket belleýär.

Meňzeş täzelikler

2014