Türkiýe öz territoriýasynyň üsti bilen türkmen gazyny Ýewropa eksport etmek isleýär — Rejep Ärdogan

Türkiýe öz territoriýasynyň üsti bilen türkmen gazyny Ýewropa eksport etmek boýunça synanyşyklaryny dowam edýär. Interfaks-Azerbaýjan agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada türk Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan belledi.

«Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna girýän döwletleriň içinde Türkiýe tebigy gazdan peýdalanmaklygyň derejesiniň ösüşi boýunça Hytaýdan soň ikinji ýurtdur. Şonuň üçin hem TANAP (Trans-Anatoliý gaz geçirijisiniň gurluşygy) taslamasy Türkiýäniň gaza bolan artýan islegini kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir» - diýip Türkiýäniň Prezidenti azerbaýjan HBS-lerine beren interwýusynda aýtdy.

«Şol bir wagtda «Şah Deňiz» azerbaýjan känindenÝewropa bazaryna gaz iberilmegi Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek işine goşant goşar. Biz türkmen gazynyň hem bu taslamanyň bir bölegi bolmagy üçin uly tagallalar edýäris» diýip Türkiýäniň Prezidenti aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, azerbaýjan-türk bilelikdäki taslamasy bolan TANAP Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýedir. «Işler meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Biz ýakyn wagtda gaz geçirijiniň işläp başlajakdygynyň şaýady bolmaga umyt edýäris» diýip ol belledi.

R.T.Ärdoganyň nygtaýşy ýaly, TANAP-yň birinji tapgyrynyň çäklerinde geçirilmegi göz öňüne tutulýan gaz Türkiýede geljek ýyllarda gaz sarp edilişiniň hasabatyna goşuldy. «Şeýle hem Russiýa bilen «Türk akymy» taslamasynyň çäklerinde işler dowam etdirilýär. Biz şeýle hem gündogar Ortaýer deňzi we Yrak sebitlerinden gazy eksport etmegiň täze taslamalaryny öwrenmäge taýýar» diýip ol aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gündogar ortaýerdeňzi sebitlerinden gaz çeşmeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy täze alternatiwa öwrüldi. «Türkiýe Ýewropa gaz eksportynyň maliýe taýdan hem, iň gysga ýol nukdaýnazary taýdan hem ähli ugurlaryna gatnaşýar. Türkiýäniň energetiki merkeze öwrülmegi üçin biz bu ugra maýa goýumlaryny goýmaga taýýar» diýip R.Ärdogan aýtdy.

Uzynlygy 1,85 müň km bolan TANAP gaz geçirijisiniň düýbi 2015-nji ýylyň 17-nji martynda Kars türk welaýatynda tutuldy. Gaz geçirijiniň geçirijilik kuwwaty azyndan 16 mlrd kub metr gaza barabar bolar. Geljekde bu kuwwaty ýylda 24 mlrd kub metre, soňra bolsa – 31 mlrd kub metre ýetirmek göz öňünde tutulýar. Taslamanyň bahasy 8 mlrd dollary möçberinde bahalandyrylýar.

TANAP taslamasynyň 30 göterimi türkleriň BOTAS-yna, 58 göterimi – SOCAR-a we 12 göterimi – britanlaryň BP-sine degişlidir.

TANAP boýunça gazyň Türkiýä iberilmegi 2018-nji ýylda başlanar. Ilkinji ýylynda Türkiýä iberilýän gazyň möçberi 2 mlrd kub metr gaza, ikinji ýylynda – 4 mlrd kub metre, üçünji ýylynda – 6 mlrd kub metre barabar bolar, diýlip habarlar agentliginde bellenilýär.

Meňzeş täzelikler

2014