Kuweýtde Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparyna garaşýarlar

Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabah Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşygynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi. Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berlişi ýaly, R. Meredow Kuweýt Döwletinde iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýollan hatyny Kuweýt Döwletiniň Emirine gowşurdy.

Kuweýtiň Emiri Türkmenistanyň Baştutanynyň Kuweýt Döwletine boljak saparynyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirjekdigini nygtady.

Şeýle hem, türkmen wekiliýeti iş saparynyň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Jaber Al Mubarek Al Hamad Al Sabah, Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Sabah Al Halid Al Hamad Al Sabah, Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Nasser Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabah we Kuweýt Döwletiniň Arap Ykdysadyýetini ösdürmek boýunça Ösüş gaznasynyň baş müdiri Abdulwahab Ahmed Al Bader bilen duşuşyklary geçirdiler.

Kuweýtiň emiriniň ýurduna resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygyny Türkmenistanyň Prezidentine Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Ýörite wekili, Emiriň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah 2017-nji ýylyň 11-12-nji sentýabrynda gowşurypdy.

Iki ýurduň döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde maýa goýumlary, energetika, gurluşyk, dag magdan işleri, telekeçilik bar.

 

Meňzeş täzelikler

2014