Saud Arabystany Türkmenistana maýa goýun goýmaklygyň mümkinçilikleri öwrenýär

Türkmenistan Saud Arabystanynyň nebit kompaniýalary, şol sanda Saudi Aramco ýaly tutuş dünýäde nebit we gaz taslamalaryny maliýeleşdirmäge gyzyklanma döredýän kompaniýa üçin gyzyklanma döredýär. Bu barada Saud Arabystanynyň energetika ministri Halid al-Falih beýan etdi, diýip Financial One žurnalyň saýtynda Reýterse salgylanyp aýdylýar.

«Saud Arabystanynyň öňdebaryjy kompaniýalary üçin Türkmenistanda maýa goýum ulgamlary bar» - diýip Halid al-Falih Al-Arabiýa teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. Ol Saudi Basic Industries Corp (SABIС), Ma'aden we Saudi Aramco kompaniýalaryny agzady.

«Aramco tutuş dünýäde, şol sanda Hazar deňzine çykalgasy bolan Türkmenistanda hem nebit we gaz önümçiligine maýa goýum goýmakda islendik mümkinçilige garap geçýär. Eýýäm belläp geçişim ýaly, Türkmenistan peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň, aýratyn hem gazyň ägirt uly goruna eýedir» diýip ministr aýtdy.

Merkezi Aziýada gaz eksport ediji iri döwlet bolan Türkmenistanyň wekiliýeti bilen bolan duşuşykdan soň konferensiýada eden çykyşynda al-Falih özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekiljekdigini, Saud Arabystanyny senagat taýdan ösdürmek gaznasynyň hem maliýe goldawyny berjekdigini belledi.

Ol şeýle hem, öz ýurdunyň TOPH gaz geçirijisinň gurluşygyny goldaýandygyny nygtady.

Saud Arabystany taslama üçin zerur bolan materiallary berer, diýip al-Falih aýtdy. Ol şol bir wagtda senagat we peýdaly gazylyp alynýan magdanlar ministri bolup durýar. Ministr şeýle hem Aramco kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň düzümine girýär.

«Biziň şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti bilen maslahatlaşan ugurlarymyzyň biri hem magistral turba geçirijilerini çekmek boýunça Saudi Aramco bilen tejribe alyşmak boldy» - diýip ministr aýtdy.

Belläp geçsek, 2017-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda Saud Arabystanynyň paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystanyna bolan resmi saparynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Meňzeş täzelikler

2014