«Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine täze gurluşyk taslamalaryny hödürledi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür kompaniýa ynanylan işleriň barşy barada hasabat berip, täze teklipleriň birnäçesini beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň garamagyna Mary welaýatynda mineral dökünlerini we himiýa önümlerini öndürýän senagat toplumyny, Lebap welaýatynda fosfatly dökünleri öndürýän zawody, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan tebigy gazdan önüm öndürýän zawody gurmagyň taslamalary hödürlenildi.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna saglygy goraýyş ulgamynyň täze döwrebap desgasynyň—130 orunlyk ýanygy bejeriş hassahanasynyň taslamasy hödürlenildi. Bu kompaniýa yglan edilen halkara bäsleşiginiň jemleri boýunça ileri tutuldy.

Döwlet Baştutany hödürlenen taslamalar bilen jikme-jik tanyşdy hem-de olar babatda birnäçe belliklerini aýtdy.

Şeýle hem gurluşygy dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ugrunda elektrik geçiriji ulgamy gurmak boýunça işläp taýýarlamalar teklip edildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014