Türkmenbaşydaky port Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň amatlaşdyrylmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar – Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

«GAP Inşaat» türk kompaniýasy tarapyndan gurluşygy amala aşyrylýan bu taslama ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň möhüm bölegidir, onuň durmuşa geçirilmegi 2500-den gowrak iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder, diýip döwlet Baştutany aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gämi gurluşyk kärhanasy milli ykdysadyýetimiz üçin düýbünden täze düzümdir, onuň ulanylmaga berilmegi, hakykatda, ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynyň kemala gelýändigini aňladýar. Gämileri ýygnamakdan başga-da, bu ýerde dürli maksatly gämileriň: tankerleriň, gury ýük gämileriniň, tirkegleriň abatlanylmagy üçin işleriň doly toplumy ýerine ýetiriler.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň esasy «deňiz derwezesiniň» geljekki mümkinçilikleri barada aýdyp, ýurdumyzyň çäkleriniň «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça tebigy ulag geçelgesi bolup durýandygyny nygtady, bu geçelge iri dünýä bazarlaryna çykmaga kömek berýär.

Hazaryň kenarynda iň häzirki zaman deňiz portunyň ulanmaga berilmegi Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam eder. Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň amatlaşdyrylmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar.

Topluma umumy ýükleýji terminal, ürgün ýükleri we polipropileni ýükläp ugradýan terminallar hem-de gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlary hem girýär. Geçirijilik mümkinçiligi ýylda 17-18 million tonna ýüke barabar bolan toplumyň umumy meýdany 1,4 mln inedördül metrden gowrakdyr, gämi duralgasynyň ugrunyň uzynlygy 3 müň 800 metrdir.

Awtomobil-ýolagçy parom terminaly 230 müň inedördül metr meýdany tutýar, bir wagtda onuň gämi duralgasyna birnäçe gämiler gelip biler. Ol ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat eder. Ortaça ýyllyk kuwwaty 400 müň TEU barabar bolan konteýner terminaly 249 müň inedördül meýdany eýeleýär.

Multimodal logopark howa, awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly getirilen konteýner ýüklerini saklamak hem-de utgaşykly işlemek boýunça hyzmatlaryň toplumyny amala aşyrar.

Iň uly desgalaryň biri umumy ýükleriň terminalydyr. Onuň kuwwaty ýylda ortaça 4 million tonna ýüke barabardyr. Ol dürli gurluşyk serişdelerini, demri, polady, agajy, ulaglary, enjamlary we beýlekileri kabul etmäge hem-de ugratmaga niýetlenendir.

 

Meňzeş täzelikler

2014