Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet ykdysady we durmuş syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň kabul eden Durnukly ösüş boýunça maksatlaryny Türkmenistanda amala aşyrmak boýunça taýýarlyk işleriniň netijeleri barada habar berildi.

Milli Liderimiziň garamagyna hususylaşdyrmaga degişli desgalar we binalar, şeýle hem döwletiň garamagyndan aýrylmaga  degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar boýunça teklipler hödürlendi.

Korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak babatda görülýän çäreler barada habar berildi.  Hususan-da, bu ugurda daşary ýurtlaryň öwrenilen tejribesiniň esasynda kapitalyň we emlägiň amnistiýasyny geçirmek  boýunça kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak teklip edilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2017” atly ХХII Halkara maslahatynyň we guralan pudaklaýyn serginiň netijeleri, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 7-10-njy noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan  iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Ýöriteleşdirilen nebitgaz  sergisinde öňdebaryjy tehnologiýalar, täze işläp taýýarlamalar, uglewodorod çig malyny çykarmakda, daşamakda, taýýar önümleriň önümçiliginde giňden ulanylýan kämil  enjamlar görkezildi.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda geçirilen duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň tebigy gazyny köpugurly esasda dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlaryna garaldy. Şeýle hem halkara, sebitleýin we ýurdumyzyň nebitgaz düzümini ösdürmegiň ýollary, geljekde energetika syýasatyny işläp taýýarlamagyň ugurlary hakynda pikir alyşmalar boldy.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, senagat we energetika pudaklarynyň, şeýle hem Saud Arabystanynyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň Er-Riýadda geçirilen nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe ugurlar boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy.

Geçirilen duşuşyklar we gepleşikler nebitgaz pudagynda, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek we çykarmak, aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça saud maýadarlaryny halkara we milli taslamalaryna çekmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi. Hususan-da, geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanda gazhimiýa we senagat pudaklarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi.

Saud Arabystanynyň hökümetiniň resmi wekilleri Patyşalygyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, dag magdan we beýleki pudaklarynda işleýän iri kompaniýalary üçin amatly maý goýum ýagdaýyny  döredýändigini bellediler. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baglangyjy boýunça Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugry geçen ýerinde gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna goldaw bermek barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýoly gadymy döwürde Uzak, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryny Günbatar Ýewropa bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar  bilen baglanyşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň mejlisiniň jemlerine kanagatlanma bildirdi. 2013-nji ýyldan bäri şeýle görnüşdäki duşuşyklaryň 5-si geçirilip, olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guralyna öwrülendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde taraplar özara peýdaly gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigine garamazdan, iki ýurduň herekete girizilmedik ykdysady mümkinçilikleriniň bardygyna düşünýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmen-saud toparynyň bäşinji mejlisiniň we türkmen wekiliýetiniň saudly kärdeşleri bilen guran duşuşyklarynyň, gepleşikleriniň işjeň häsiýete eýe bolandygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurdaky işleri yzygiderli durmuşa geçirmek babatda birnäçe görkezmeleri  berdi.

Mejlisde garalan beýleki meseleleriň hatarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda pagta egriji fabrigi gurmak boýunça alnyp barylýan işler, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýanyň möçberini artdyrmak, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, bilim we ylym ulgamlaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler bilen bagly meseleler boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2018-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky” Karary makullady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Meňzeş täzelikler

2014