Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 62-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-den, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri nah ýüplük buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýeden, Serbiýadan, Pakistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 68 million 421 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, Pakistanyň işewür toparlarynyň wkilleri jemi bahasy 5 million 509 müň manatdan gowrak nah ýüplügi, lukmançylyk pamygy we pagta soapstogynyň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 479 müň manatdan gowrak nebit ýol bitumyny we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014