Türkmenistan we Saud Arabystany söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda iş saparynda boldy.  Bu saparyň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary 2017-nji ýylyň 10-njy noýabrynda geçirilen hökümetiň mejlisinde habar berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Er-Riýada saparyň çäklerinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-saud hökümetara toparyň nobatdaky, bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň senagat we energetika pudaklarynyň, şeýle hem Saud Arabystanynyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady, maliýe ulgamlarynda, nebitgaz, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri girizildi. Duşuşygyň barşynda ozalky, hökümetara toparyň dördünji mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan çözgütleriň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garaldy.

Bu mejlisiň jemleri boýunça birnäçe ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy. Gepleşikler tamamlanandan soň taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 5-nji mejlisiniň teswirnamasyna gol çekdiler. 

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary saudly kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystanyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.  

Geçirilen gepleşikler saud maýalaryny nebitgaz ulgamynda halkara we milli taslamalara çekmek, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözläp tapmak we çykarmak, kommunikasiýalary ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretdi. Türkmenistanda gazhimiýa we senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, dag-magdan çykaryjy we beýleki ulgamlarda amala aşyrylýan taslamalar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga islegiň bardygy beýan edildi.       

Mundan başga-da, Senagaty ösdürmegiň Saud gaznasy tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gazgeçirijiisini gurmagyň taslamasyna goldaw bildirildi.    

Türkmen el halylaryny we haly önümlerini saud bazaryna we onuň üsti bilen arap ýurtlarynyň bazarlaryna çykarmagyň mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistanyň halyçylyk pudagynda maýagoýum taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Saud tarapy Er-Riýadda türkmen el halylarynyň we haly önümleriniň sergisini guramagy hem-de bu meseläni öwrenmek boýunça işçi toparyny döretmegi teklip etdi.    

Ýeri gelende aýtsak, türkmen wekiliýetiniň Er-Riýada sapary hem-de geçirilen gepleşikler Saud Arabystanynyň we beýleki ýurtlaryň metbugatynyň we teleýaýlymlarynyň ünsüni özüne çekdi. Reuters habarlar agentligine salgylanmak bilen Financial One žurnalynyň saýtynda habar berlişi ýaly,  Saud Arabystanynyň energetika ministri Halid al-Falih Türkmenistan bu ýurduň Saudi Aramco ýaly nebit kompaniýalary üçin maýa goýum gyzyklanmasyny döredýär, ol tutuş dünýä boýunça nebit we gaz taslamalaryny maliýeleşdirmäge gyzyklanma bildirýär.     

“Aramco tutuş dünýä boýunça, şol sanda Hazar deňzine çykalgasy bolan ýurtlaryň nebit we gaz önümçiligine maýa goýmak mümkinçiligine gyzyklanma bildirýär, Türkmenistan bolsa gazylyp alynýan peýdaly magdanlara, aýratyn-da gaza eýe bolup durýar” diýip, ministr gürrüň berdi.      

Şeýle hem Halid al-Falihiň Al-Arabiýa teleýaýlymyna beren gürrüňinde belleýşi ýaly, Türkmenistanda Saud Arabystanynyň Saudi Basic Industries Corp (SABIС), Ma'aden ýaly öňdebaryjy kompaniýalary üçin maýa goýumlary üçin ugurlar bar.   

Türkmenistanyň wekiliýeti bilen duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda çykyş etmek bilen, Halid al-Falih özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekiljekdigini, Saud Arabystanynyň senagat ösüşi gaznasynyň bolsa TOPH gazgeçirijisini gurmagyň taslamasyna maliýe taýdan goldaw berjekdigini habar berdi. Hususan-da, Saud Arabystany taslama üçin zerur bolan serişdeleri iberer diýip, senagat we gazylyp alynýan peýdaly magdanlar ministri al-Falih belledi. Şeýle hem ministr Aramco kompaniýasynyň direktorlar geňeşine girýär.    

Magistral turba geçirijileri çekmek boýunça Saudi Aramco bilen bilimleri alyşmak hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri bolar diýip, ministr habar berdi.  

  

Meňzeş täzelikler

2014