Türkmenistan BSG girmekligiň mümkinçiliklerini öwrenýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary jenap Muhisa Kituýiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmen tarapy BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ýurduň daşary syýasatynda möhüm ugur bolmagynda galýandygyny belledi. Bütindünýä Söwda guramasyna (BSG) girmeklik işine başlamaklygyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça Türkmenistanyň UNCTAD bilen hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanda şu meseläni öwrenmek boýunça ýurduň Prezidentiniň goldaw bermeginde ýörite hökümet toparynyň döredilendigi hem nygtaldy.

Türkmenistanyň bu ugurdaky işi dowam etdirjekdigi we UNCTAD-nyň ýardam bermeginde Türkmenistanda ykdysady toplumda işgärleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça soňky çäreleri geçirjekdigi beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama» gol çekildi.

Türkmen tarapy Ähtnama gol çekilmegi UNCTAD bilen ileri tutulýan özara hereketleriň şahasyny anyk kesgitländigini belledi. Resminama hyzmatdaşlygyň üç şahasyny kesgitleýär, hususan-da, maýa goýumlaryny höweslendirmek; gümrük gullugyny, ulag we logistikany kämilleşdirmek; BSG girmekligi öwrenmek meselesinde bilelikde hereket etmek.

Şeýle hem Resminama zerurlyk bolan ýagdaýynda we taraplaryň başlangyçlary bilen çalt ösýän Türkmenistanyň ykdysadyýetinde we häzirkizaman dünýäsinde UNCTAD-nyň özara hereketiniň çäklerini giňeltmäge we köptaraply hereketini täze ileri tutulýan ugurlar bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Meňzeş täzelikler

2014