Türkmenistanyň Prezidenti hökümete kapitalyň we emlägiň amnistiýasyny geçirmek boýunça kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamagy tabşyrdy

Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak babatda görülýän çäreleriň çäklerinde kapitalyň we emlägiň amnistiýasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu ugurda geçirilen işler dogrusynda ykdysady meseleler boýunça wise-premýer G.Myradow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak babatda görülýän çäreler barada habar berdi. Hususan-da, bu ugurda daşary ýurtlaryň öwrenilen tejribesiniň esasynda kapitalyň we emlägiň amnistiýasyny geçirmek boýunça kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.

Bellenilişi ýaly, bu çäre milli ykdysadyýetimize goşmaça maliýe serişdelerini çekmäge ýardam eder hem-de innowasion esasda onuň geljekki ösüşini üpjün etmäge maýa goýumlaryny ýurdumyzyň ykdysady zolaklaryna giňden çekmäge mümkinçilik berer.

Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy taraplaryň maýasyny we emlägini aýawly saklamagyň, olaryň bähbidini goramagyň hukuk kepilliklerini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, hödürlenen teklipleriň ykdysady ulgamda düzgün bozmalara garşy göreşmegiň netijeli guralyny döretmäge gönükdirilendigini belledi.

Prezident bu meseläni degişli düzümler bilen bilelikde seljermegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Belläp geçsek, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklanyldy. Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy geçirilen köp sanly barlaglaryň netijesinde ýurduň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda kanun bozmalary ýüze çykardy.

Ýakynda hökümet mejlisleriniň birinde Prezidentiň belleýşi ýaly, korrupsiýa bilen bagly aýratyn delilleri ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, bu ýaramaz hadysalary döredýän sebäpleri we şertleri hem ýüze çykarmaly.

 

Meňzeş täzelikler

2014