MAÖADBSM sebitde ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly we ylalaşykly çözmek boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berip geldi – Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda 2007-nji ýylyň dekabryndan bäri işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň möhüm ähmiýetini belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň MAÖADBSM-nyň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de şanly sene mynasybetli bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň 17-nji noýabrda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Watandaşlarymyza iberen gutlag hatynda belledi.

Gutlagda bellenilişi ýaly, sebit merkezi geçen döwrüň içinde sebitdäki ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly we ylalaşykly çözmek boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berip geldi. Sebitiň ýurtlarynyň ählisiniň goldaw bermeginde bu Merkeziň açylmagy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin zerur şertleri döretmekde dünýä bileleşiginiň alyp barýan işleriniň ugrunyň birdigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk dörediji bu sebit merkezi, Merkezi Aziýa ýurtlarynda durnukly ösüşiň bähbidine gyzyklanma bildirilýän we oňyn gepleşikler üçin möhüm ähmiýete eýe boldy. Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bu Merkeziň çäklerinde yzygiderli geçirilýän maslahatlar we duşuşyklar, umumy meselelere ünsi jemlemäge mümkinçilik berdi. Şol möhüm meseleleriň hatarynda dünýäde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde anyk netijeleri gazanmak babatda gural hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy, serhetýaka suw- energetika serişdelerini dolandyrmak, serhetýaka jenaýatçylygyna we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, goňşy Owganystandaky ýagdaý bilen baglanyşykly meseleler bar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýanyň bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň 55-nji maslahatynda agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi hem-de dünýäniň ähli kontinentlerine wekilçilik edýän 57 döwletiň bu resminamany dörediji hökmünde çykyş etmegi Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär».

Türkmenistanyň 25 ýyl bäri bu BMG-niň düzümindedigini nygtamak bilen, döwlet Baştutany Gurama bilen strategiki esasda ýakyndan we köpugurly hyzmatdaşlyk etmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygy barada aýtdy.

Prezidentiň gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi netijesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly tekliplerimiz, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky başlangyçlarymyz dünýäde giň goldawa mynasyp bolýar.

— Şunuň bilen baglylykda, ykdysady, durmuş we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň çäklerinde berýän goldawy, demokratik institutlarymyzy kemala getirmekde ýardamy üçin, Birleşen Milletler Guramasyna minnetdarlygymy beýan edýärin – diýlip gutlagda bellenilýär.

Meňzeş täzelikler

2014