WTL (FZE) we Westport Trading Europe Limited kompaniýalarynyň konsorsiumy Türkmenistanda haýal kokslandyrma desgasyny gurar

Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) BAE-den WTL (FZE) we ABŞ-dan Westport Trading Europe Limited kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen täze haýal kokslandyrma desgasyny gurmak hakynda şertnama baglanyşdy, diýip Media-Türkmen ORIENT habarlar agentligi habar berýär.

Bu desga her ýylda 416 müň tonna dizel ýangyjyny, 191 müň tonna nebit koksuny, 16,4 müň tonna suwuklandyrylan gaz we 148 müň tonna benzin öndürmek üçin niýetlenendir.

Täze desganyň ulanyşa girizilmegi nebit önümleriniň eksport möçberleriniň artmagyny üpjün eder, çig maly gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmagyň hasabyna olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar.

Täze desga TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemekligi çuňlaşdyrmagy 94 göterime çenli ýetirer, bu bolsa nebit önümleriniň, hususan-da, uzak möhletleýin ýol örtüklerini örtmek üçin zerur bolan ýokary derejeli gudronyň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar. Şol bir wagtda ýokary hilli gudron nebit koksunyň çykarylyşyny artdyrmak üçin gerek bolar.

Öň habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde ýangyç-energetika toplumy boýunça wise-premýer Maksat Babaýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan geçirilen haýal kokslandyrma desgasyny gurmak boýunça halkara bäsleşiginiň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny hem-de suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň, nebit koksynyň we gudronyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem asfalt taýýarlanylanda ulanylýan ýol bitumynyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014