Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ýokary oktanly benziniň önümçiligini ýola goýdy

ЛЧ-З5-11/1000  katalitik riforming desgasynyň işe girizileni bäri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 100 müň tonna golaý ýokary oktanly awtomobil benzinini öndürildi. Bu desga awtomobil benzinini öndürmekde ulanylýan ýokary oktanly düzüm böleklerini almak üçin niýetlenendir.

Seýdiniň NGIZ-de bu täze desga şu ýylyň maýynda işe girizilipdi. Birleşen Arap Emirliklerinden «WTL (FZE)» kompaniýalar topary we «Westport Trading Europe Limited» (ABŞ) kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Hünärmenler könelişen tehnologik enjamlary çalyşdylar, şeýle hem hili ekstraksion benzininiň derejesine çenli ýetirmek arkaly ýeňil gönüleýin benziniň dearomatizasiýa bloguny enjamlaşdyrdylar.

Häzirki wagtda bu desgada öndürilýän A-92 kysymly awtomobil benzini we dizel ýangyjy eksporta iberilýär. Bu bolsa öz gezeginde döwlete goşmaça maliýe serişdeleriniň gelmegini üpjün edýär.

Ýylyň başyndan bäri Seýdiniň zawodynda 485 müň tonnadan gowrak uglewodorod serişdeleri gaýtadan işlenildi. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 13 göterim artykdyr. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde kärhanada önümiň esasy görnüşleriniň — ekstraksion we gönüleýin benzinleriň önümçiligi artdyryldy.

Gaýtadan işlemek üçin çig mal hökmünde Ýaşyldepe, Baharly, Ýylakly, Mydar, Soltanbent känlerinden alynýan nebit we gaz kondensatlary, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz çykarýan müdirlikleriniň alýan kondensaty hyzmat edýär.

Meňzeş täzelikler

2014