6-njy türkmen-rus ykdysady işewürler maslahatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi

2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Aşgabatda altynjy türkmen-rus ykdysady işewürler maslahaty geçirildi, maslahaty gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň uly wekiliýeti Türkmenistana geldi. Wekiliýetiň düzüminde döwlet edaralarynyň we guramalarynyň birnäçesiniň, şeýle hem söwda, azyk senagaty, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyn gurluşyk, nebitgaz pudagy we beýleki ulgamlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri bar.

Türkmen tarapyndan bu duşuşyga pudaklaýyn ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, eksporta gönükdirlen önümleri öndürýän kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýedir. Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar we ýokary derejedäki gepleşikler, şol sanda halkara ähmiýetli iri çäreleriň çäklerinde guralýan gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. 2017-2019-njy ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Hökümetara türkmen-russiýa Maksatnamasynyň hem-de söwda, senagat, energetika we inženerçilik üpjünçiligi, gurluşyk, oba we balyk hojalygy, ulag, sport, syýahatçylyk, saglygy goraýyş ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-russiýa hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir, onuň howandarlygynda söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça Ýokary derejeli topar hereket edýär.

Şu gezekki maslahata hem Russiýanyň 8 sebitiniň wekilleri gatnaşýarlar. Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan, Swerdlowsk, Belgorod oblastlary we RF-niň beýleki sebitleri Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesini görkezýärler.

Ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilen wagtynda iri möçberli taslamalaryny durmuşa geçirmäge Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň giňden gatnaşmak mümkinçilikleri has içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň baştutanynyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar şu gezekki maslahaty geçirmek üçin möhüm esas bolup hyzmat etdi. Şol gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategiki hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine doly laýyk gelýär.

Häzirki wagta çenli Türkmenistanda Russiýa tarapynyň gatnaşmagynda 180-den gowrak kärhana bellige alyndy.

 

Meňzeş täzelikler

2014