Türkmenistanyň Prezidenti we ÝHHG-niň Baş sekretary energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdy. Ol Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman ÝHHG-niň Türkmenistan bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny onuň esasy ugurlarynda, hususan-da, energetika ýaly möhüm ugurda ösdürmek meselelerine türkmen tarapynyň işjeň orun eýeleýändigi bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriň, şol sanda ÝHHG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ýurdumyzyň alyp barýan, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu gurama bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe bolup durýar.

Uly kuwwaty bolan energetika pudagynda halkara gatnaşyklaryna täze itergini bermek maksadynda tagallalary netijeli birleşdirmek meselesine aýratyn üns berildi.

Şunda Aşgabadyň energiýa serişdelerini öndürmek, şeýle hem olary ibermek we sarp etmek ýaly ugurlary öz içine alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren anyk başlangyçlarynyň ähmiýeti we zerurdygy bellenildi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Meňzeş täzelikler

2014