OPEC+ ylalaşygyň möhleti 2018-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldyldy

OPEC-e agza döwletleriň ministrleri 30-njy noýabrda nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşygyň möhletini 2018-nji ýylyp ahyryna çenli uzaltmagy ylalaşdylar. Bu barada Omanyň nebit we gaz ministri Muhammed Hamad al-Rumhi žurnalistlere habar berdi.

2016-njy ýylyň ahyrynda OPEC we gurama girmeýän birnäçe döwletler nebitiň çykarylyşyny jemi günde 1,8 mln barrele azaltmagy ylalaşdylar. Şonuň 300 müň barreli Russiýanyň paýyna düşýär. Maý aýynda ylalaşygyň möhleti ýene-de 9 aý — 2018-nji ýylyň martyna çenli uzaldyldy. Wenada geçirilýän OPEC+ ylalaşygyna gatnaşýan ähli 24 döwletiň nebit we energetika ministrleriniň duşuşygy ylalaşygyň möhletini mundan beýläk hem uzaltmaklyga bagyşlandy.

OPEC+ ylalaşygyna gatnaşyjylaryň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biri dünýädäki nebit we nebit önümleriniň harytlyk gorlaryny soňky bäş ýylda ortaça derejesine çenli azaltmakdan ybaratdyr. Duşenbe güni OPEC-iň Baş sekretary Mohammed Barkindonyň nygtaýşy ýaly, OPEC+ ylalaşygy hereket edýär, agza döwletler tarapyndan onuň ýerine ýetirilmegi doly derejede boldy, ylalaşygyň töweregindäki ýaramaz gürrüňler bolsa esassyz boldy.

Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowak Wenadaky duşuşykda ylalaşygyň möhletini uzaltmak barada çözgüdiň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Öňräk Halkara energetika agentligi 2018-nji ýylda çig mala bolan isleg boýunça çaklamasyny ýaramazlaşdyrdy. Bilermenleriň pikirine görä, ol günde 98,9 mln barrele deň bolar. Çaklama gaýtadan seredilip geçilmegi nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagy, has ýyly gyşyň garaşylmagy hem-de bazar boýunça täzelenen maglumatlar bilen baglanyşyklydyr, diýip Ria Nowosti habar berýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014