Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $62,87, WTI - $57,59

1-nji dekabrda 8:13 wagta çenli ýagdaýda «Brent» söwda belgili nebitiň fewraldaky fýuçersleri 24 sent (0,38 göterim) ýokarlanyp, barreli 62,87 dollara deň boldy. WTI söwda belgili nebitiň ýanwardaky şertnamalarynyň bahalary 19 sent (0,33 göterim) gymmatlap, barreli 57,59 dollara deň boldy, diýip rus Nebitgaz habarlar agentligi habar berdi.

Nebit OPEC hem-de gurama girmeýän döwletler tarapyndan nebit çykarylyşyny 2018-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi netijesinde gymmatlaýar.

30-njy noýabrdaky söwdalaryň netijeleri boýunça «Brent» söwda belgili nebitiň ýanwardaky şertnamasynyň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 0,46 dollar (0,73 göterim) ýokarlanyp, barreli 63,57 dollara deň boldy.

WTI söwda belgili nebitiň ýanwardaky fýuçersleri Nýu-Ýorkdaky NYMEX haryt biržasynda 0,10 dollar (0,17 göterim) ýokarlanyp, barreli 57,40 dollara deň boldy, diýip Finmarket habar berýär.

Meňzeş täzelikler

2014