Hytaý Merkezi Aziýadan 200 milliard kub metr gaz aldy

Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa iberilen gazyň umumy möçberi 200 milliard kub metre barbar boldy. Bu barada Hytaý Milli nebitgaz korporasiýasyna salgylanyp, hytaý habar beriş serişdeleri belleýär, diýip Trend habar berýär. Hasaplamalara görä, 200 milliard kub metr tebigy gaz 266 million tonna kömüre barabardyr.

Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi Hytaýdaky daşary ýurtlaryň tebigy gazyny import edýän ilkinji transmilli gaz geçirijidir. Gaz geçiriji Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinden gözbaş alýar, Özbegistanyň Gazagystanyň çäklerinden geçýär hem-de Hytaýyň Sinsýan-Uýgur awtonom welaýatynda ýerleşýän Horgos Barlag-geçiriş nokadyndan hytaý serhedinden geçýär.

Gaz geçirijiniň jemi geçirijilik kuwwaty ýylda 55 milliard kub metr gaza barabardyr.

Gaz geçiriji boýunça tebigy gazyň iberilmegi 2009-njy ýylyň ahyrynda badalga aldy we 2017-nji ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna çenli «A», «B» we «C» şahalary boýunça umumy alanyňda 174 mlrd 259 mln tebigy gaz iberildi.

Maglumatlara görä, gaz geçiriji 27 sany merkezi dolandyryşdaky hytaý etraplarynyň, şäherleriniň, şeýle hem Sýangan ýöriteleşdirilen administratiw etrabynyň 300 milliondan gowrak ýaşaýjylaryny gaz bilen üpjün edýär. Mundan başga-da, taslamanyň durmuşa geçirilmegi turba geçirijiniň geçýän döwletleriniň çäklerinde onlarça müň iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi.

Bellenilişi ýaly, gaz geçiriji boýunça Hytaýa esasy gaz iberýän döwletler şulardan ybarat: Türkmenistan » 77 göterim, Özbegistan — 12 göterim. Mýanma — 10 göterim.

Garaşylyşy ýaly, 2020-nji ýylda Hytaýda sarp edilýän gazyň möçberi 340 milliard kub metre çenli artar, şunlukda 120 milliard kub  metr gaz import ediler.

 

Meňzeş täzelikler

2014