Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk çäreleri başlandy

Şu gün 4-nji dekabrda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk çäreleri başlandy. Bu çözgüt Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň geçen şenbe güni geçirilen mejlisinde kabul edildi.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirmek bellenildi.

Şol gün şeýle hem welaýat etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň sekizinji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Bu çäre Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda gol çeken kararynda laýyklykda göz öňünde tutulandyr. Resminama laýyklykda, Prezident, Mejlisiň deputatlarynyň we ýerli häkimiýet edaralarynyň saýlawlarynyň güni kesgitlenildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Kararyna laýyklykda, saýlawlaryň başlanmagyna 60 gün galanda dalaşgärleri görkezmek başlanýar.

Merkezi toparyň belleýşi ýaly, saýlaw işleriniň geçirilişine diňe bir syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan milli synçylar däl, eýsem, halkara bilermenleri we synçylary gözegçilik ederler.

Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň aýdyňlygyny we giň bäsdeşligini üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň, syýasy-demokratik özgertmeleriniň mazmunyny we maksadyny ilat arasynda giňden wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014