Nebitiň bahalary aşaklaýar: Brent - $63,37, WTI - $57,92

Duşenbe güni, 4-nji dekabrda 7:54 wagta çenli ýagdaýda «Brent» söwda belgili nebitiň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy 36 sent (0,6 göterim) aşaklap, barreli – 63,37 dollara deň boldy. WTI söwda belgili nebitiň ýanwardaky şertnamasynyň bahasy 44 sent (0,75 göterim) arzanlap, barreli 57,92 dollara deň boldy, diýip rus Nebitgaz habarlar agentigi habar berýär.

1-nji dekabrdaky söwdalaryň netijeleri boýunça «Brent» söwda belgili nebitiň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 1,10 dollar (1,8 göterim) ýokarlanyp, barreli – 63,73 dollara deň boldy.

WTI söwda belgili nebitiň ýanwardaky şertnamasynyň bahasy Nýu-Ýorkdaky NYMEX  haryt biržasynda 0,96 dollar (1,7 göterim) ýokarlanyp, barreli 58,36 dollara deň boldy, diýip Finmarket habar berýär.

Meňzeş täzelikler

2014