Aşgabat Eýrana ugradylan türkmen tebigy gazynyň tölegi boýunça algylar meseläni çözmek üçin Tähranyň Halkara araçyl kazyýete ýüzlenmek baradaky teklibini goldady

Türkmenistan ozal Eýrana ugradylan türkmen tebigy gazynyň möçberlerine töleg boýunça ägirt uly mukdarda algylar meselesini çözmek üçin Tähranyň Halkara araçyl kazyýete ýüzlenmek baradaky teklibini goldady. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň 4-nji dekabrynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda beýan edildi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew Prezidente Eýran Yslam Respublikasynyň Milli gaz kompaniýasy bilen baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklara we şertnama laýyklykda, türkmen tebigy gazynyň Eýrana ozal ugradylan möçberlerine töleg boýunça ägirt uly mukdarda algylaryň bardygy barada habar berdi.

M.Arçaýewiň belleýşi ýaly, Eýran tarapynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda meseläni çözmek boýunça belli ylalaşyga gelinmedi.

Bu meseläniň özara kabul ederlikli oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen eýranly hyzmatdaşlar Halkara araçyl kazyýete ýüzlenmegi teklip edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysynyň maglumatlaryny diňläp, Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň Halkara araçyl kazyýete ýüzlenmek baradaky teklibini goldamak we munuň üçin degişli resminamalary taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014