Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy barha artar — ilçi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy barha ýokarlanar. Trend agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Mekan Işankulyýew Bakuda brifingde belläp geçdi.

«Azerbaýjan we Türkmenistan strategik hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Bu, elbetde, biziň ýurtlarymyzy, halklarymyzy umumy medeniýetiň, umumy däpleriň taryhy taýdan baglanyşdyrýanlygy üçindir» - diýip M.Işankulyýew belledi.

Ilçiniň aýtmagyna görä, iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmegi üçin geografik nukdaýnazardan amatly ýerleşmeklik möhüm wezipä eýedir.

«Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy barha artar. Muňa köp dürli ulgamlardaky, şol sanda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalar ýardam edýär.

Iki ýurduň ykdysady gatnaşyklary babatda aýtmak bilen, ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 8-9-njy awgustda Azerbaýjana bolan saparynyň möhüm ähmiýetini belledi.

«Saparyň çäklerinde ýokary derejede we giňeldilen düzümde gepleşikler geçirildi, 14 sany resminama gol çekildi. Olaryň aglabasy söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr» diýip Mekan Işankulyýew aýtdy. Şeýle hem ol bu babatda iki ýurduň çäklendirilmedik mümkinçiliklerini hem-de Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasyndaky brifing BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Mekan Işankulyýew, şeýle hem Türkmenistanyň konsuly Batyr Rejepow, gatnaşdy.

Meňzeş täzelikler

2014