Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy üçin giň mümkinçilikler bar

9-njy fewral Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaşyň arasynda bolup geçen duşuşykda türkmen-türk ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. kabul etdi.

Gürrüňdeşligiň barşynda Mustafa Elitaş türk işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem türkiýeli hyzmatdaşlar bilen öňden gelýän dostlukly we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugruna ygrarlydygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmen döwletiniň Baştutany we myhman türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň gerimini giňeltmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi hem-de onuň çäklerinde geçirilýän Türkmen-türk işewürler maslahaty hem şu maksatlara hyzmat etmelidir. Bu çäreler netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmen-türk hökümetara toparyna we Bilelikdäki işewürler geňeşine hem möhüm orun degişlidir.

Türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmekde geljegi uly bolan ugurlaryň biri hem ýangyç-energetika toplumydyr. 2014-nji ýylyň noýabrynda «Türkmengaz» Döwlet konserni bilen «Atagas Dogalgaz Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy satmak-almak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekildi. 2015-nji ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbeýjanyň nebitgaz edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ÝB-niň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky deklarasiýa gol çekildi. Şol duşuşykdaky gepleşiklerde taraplar Türkmenistanyň gazyny Ýewropa eksport etmekde deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda maslahatlaşdylar. Şol ýylyň iýul aýynda Gruziýanyň hem goşulmagy bilen, taraplar energetika ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen gazyny Ýewropa çykarmak meseleleri boýunça Işçi toparyny döretdiler.

Meňzeş täzelikler

2014