Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ileri tutulýan ähli düzgünleri boýunça çözgütler tapyldy — Lawrow

«Hazar bäşliginiň» DIM-leriniň ýolbaşçylary 20 ýyldan gowrak wagtlap işlenen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ileri tutulýan ähli düzgünleri boýunça ylalaşyk gazandylar, resminamanyň teksti indiki ýyl geçiriljek sammitde RF-iň Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan gol çekilmäge taýýar diýen ýaly, diýip RF-iň DIM-iniň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.

«Bu resminamany taýýarlamak bilen bagly açyk galan esasy meseleleriň ählisi boýunça çözgütleri tapandygymyzy uly kanagatlanma bilen yglan edýärin. Konwensiýanyň teksti taýýar diýen ýaly» diýip, S.Lawrow «Hazar bäşliginiň» DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň Moskwada geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça metbugat maslahatynda aýtdy.

Onuň belleýşi ýaly, resminama indiki ýyl Gazagystanda geçiriljek bäşinji Hazar sammitinde gol çekiler. «Biz birinji ýarymynda bu işi amala aşyrmak başardar diýip umyt edýäris» - diýip ministr aýtdy.

S.Lawrowyň şeýle hem belleýşi ýaly, ýakyn wagtda konwensiýanyň her bir ýurtda redaktorlyk taýdan üstünde işlenilmegi, milli dillere terjime edilmegi hem-de gol çekmek üçin döwletiçi taýýarlyk işleri geçiriler.

Russiýanyň DIM-iniň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, «bäşligiň» sammitiniň geçiriljek möhleti baradaky ahyrky çözgüdi resminamanyň tehniki we hukuk taraplary doly işlenenden soňra, Gazagystanyň hökümeti kabul eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014