Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky gepleşiklerde birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň öňe süren resminamalaryna seredip geçmek meýilleşdirilýär

RF-iň DIM-iniň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow Gazagystanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýadan başga-da, ara alyp maslahatlaşmak üçin dürli ugurlara degişli birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň öňe süren resminamalaryna hem seredilip geçilmegine garaşýar.

«Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ulag ulgamynda özara gatnaşyklar hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara ylalaşyklary taýýarlamak boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Brakonýerçilige, terrorçylyga, jenaýata garşy göreşmek ýaly wezipelerde biziň hukuk goraýjy edaralarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn beýanlar bilen berkidilmeginiň möhümligini nygtadyk» diýip, S.Lawrow Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň netijeleri boýunça metbugat maslahatynda belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.

«Sebitde ynam ölçeginiň berk ulgamyny emele getirmek üçin binýatlyk bolan Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak boýunça ylalaşygyň taslamasy düýpli ylalaşmak tapgyryna çykdy» diýip ministr belledi.

«Bilermenleriň derejesinde maslahatlaşylýan, ýatlap geçen resminamalarymyň ählisini biz Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň taslamasy bilen bilelikde Gazagystanda geçiriljek sammite kabul etmäge hödürlejek bolýarys» - diýip ol nygtady.

Ministriň belleýşi ýaly, «Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça Tähran çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi».

«Biz ýurtlarymyzyň ählisiniň ýakyn wagtda serhetüsti nukdaýnazardan daşky gurşawa täsiri bahalandyrmagyň ähtnamasyny, Tähran konwensiýasyna ähtnamany kabul etmäge taýýardygyny belledik. Rus tarapy bu ähtnamanyň Konwensiýa gol çekilmezden öň kabul ediljekdiginden ugur alýar» diýip, S.Lawrow jemledi.

Meňzeş täzelikler

2014