Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen türkmen–awstriýa bilelikdäki toparynyň dokuzynjy mejlisinde ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň geljegi maslahatlaşyldy, diýlip Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň söwda senagat edarasynyň başlygy, awstriýa tarapyndan Awstriýa Respublikasynyň ylym, barlaglar we ykdysady Federal ministrliginiň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça baş direktory Frans Wessig başlyklyk etdi.

Öňki ýetilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine oňaýly baha berip, taraplar Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýagdaýy barada maglumat berdiler we geljekde ony ösdürmek baradaky teklipler bilen çykyş etdiler. Şunlukda taraplar şu ýylyň iýun aýynda Wena şäherinde açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasy Türkmenistanyň we Ýewropa ýurtlarynyň işewür toparlarynyň arasynda baglaşdyryjy düzüm bolar we iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam eder diýip belläp geçdiler.

Mejlisiň barşynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça işçi toparlaryň mejlisleriniň ýygy-ýygydan geçirilip durmagynyň we iki döwletiň çäklerinde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara we mejlislere gyzyklanma bildirýän türkmen we awstriýa işewür toparlarynyň işjeň gatnaşmaklarynyň möhümdigi bellenilip geçildi.

Türkmen tarapy ýurdumyzda senagat we hyzmat ediş kärhanalaryny döretmek, türkmen önümlerini Awstriýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň bazarlaryna çykarmak üçin Awstriýanyň kompaniýalarynyň tejribesini we tehnologiýalaryny çekmeklige gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasynyň, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerine gönüden-göni ýardam berýän Awstriýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Söwda wekilhanasynyň netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli işleri bitirýändigini nygtadylar.

Toparyň mejlisinde energetika, ulag we logistika, gurluşyk hem-de infrastrukturalar, saglygy goraýyş, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, syýahatçylyk, bilim, maglumat tehnologiýalary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Jemagat hojalygynda ekologiýa tehnologiýalaryna, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara aýratyn uly üns berildi.

Duşuşykda garalan beýleki meseleleriň hatarynda senagat we dag-magdan işi, importyň ýerini tutmak we eksporty höweslendirmek boýunça döwlet maksatnamalary ýaly meseleler boldy. Bu maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda innowasion häsiýetli kärhanalaryň onlarçasyny, şol sanda ýerli çig malyň esasynda gurluşyk, himiýa, durmuş we beýleki önümleriň giň görnüşlerini çykarmak, balyk önümleriniň dürli görnüşlerini gaýtadan işlemek boýunça kärhanalary gurmak maksat edinilýär.

Himiýa senagaty, ýeňil senagat, maşyngurluşyk we beýleki ulgamlarda Türkmenistanda eýýäm durmuşa geçirilýän köpsanly taslamalar hem tebigy we mineral-çig mal serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmen–awstriýa bilelikdäki toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça jemleýji ähtnama gol çekildi.

Mejlisiň işiniň çäklerinde türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi şeýle-hem, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň Awstriýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Meňzeş täzelikler

2014