Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Aşgabatda  «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky 17-nji mejlisinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň ugry boýunça pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda bellenilýär.

Mejlise gatnaşmak üçin Ýewropa bileleşiginden Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary syýasat işiniň Ýewropa gullugyndaky ÝHHG-niň boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaý, kanunyň ýokarda durmagy we ynsanperwer meseleleri, döwlet dolandyrşygynda özgertmeler, energetika, ulag we daşky gurşawy goramak ýaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle-hem sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek, Ýewropa Bileleşiginiň tehniki taslamalarynyň we maksatnamalarynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilmegi, energetika taslamalary, türkmen gazynyň Ýewropa iberilmeginiň mümkinçilikleri, ÝB-niň howpsuzlyk ulgamyndaky «KADAP» we «BOMKA» taslamalary barada pikir alyşdylar.

Duşuşyk tamamlanandan soňra taraplar, «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisini 2018-nji ýylda Brýusselde geçirmegi ylalaşdylar.

Meňzeş täzelikler

2014