Nebitiň bahalary ýokarlanýar: «Brent» - $61,40, «WTI» - $56,06

2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Moskwa wagty bilen 8:06-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,29 göterim ýokarlanyp, 61,40 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,18 göterim gymmatlap, 56,06 amerikan dollaryna barabar boldy.

Düýnki gün arzanlanlamak bilen bolan nebit geçen hepdäniň netijeleri boýunça ABŞ-da ýangyjyň ätiýaçlyklarynyň üýtgemegi baradaky resmi statistik maglumatlaryň neşir edilmeginden soňra arzanlamagyny güýçlendirdi.

6-njy dekabrda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 2,61 göterim pese düşüp, 62,22 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 2,88 göterim aşaklap, 55,96 amerikan dollaryna barabar boldy.

Geçen hepdede ABŞ-nyň harytlyk nebit ätiýaçlyklary 5610 müň barrel azalyp — 448,103 mln barrele deň boldy, diýlip ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň hepdelik hasabatynda aýdylýar. Benziniň harytlyk ätiýaçlyklary 6780 müň barrel artyp, 220,882 mln barrele deň boldy.

Bilermenler ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklarynyň 2500 müň barrel azalmagyna, benzin ätiýaçlyklarynyň bolsa 2555 müň barrel artmagyna garaşýardylar.

Meňzeş täzelikler

2014