Aşgabatda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Çung Tae-Ini kabul etdi.

Ilçiniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda «Açyk gapylar» syýasatyny hem-de ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine özara peýdaly gatnaşyklary alyp barýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow deňhukukly we uzakmöhletleýin esasda hem-de anyk netijelere gönükdirilen türkmen-koreý gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we koreýaly diplomat dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady toplumda, energetika we ulag pudaklarynda, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda we beýleki ugurlarda ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-koreý toparynyň işine we netijeli gatnaşyklary ösdürmekde bilelikdäki işewürler maslahatlaryna wajyp ornuň degişlidigi bellenildi. Koreýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm nyşany bolup durýar.

Häzirki wagtda LG we Hyundai kompaniýalary «TOYO» ýapon kompaniýasy bilen konsorsiumda Hazaryň kenarynda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny alyp barýarlar.

Soňky ýyllarda LG we Hyundai kompaniýalarynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» ägirt uly gaz käninde kükürt arassalaýan zawodyň gurluşygy, şeýle hem Türkmenbaşydaky NGIZT-niň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taslama amala aşyryldy.

Aşgabatda we Seul şeýle hem «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykmak nukdaýnazaryndan üstaşyr we logistika infrastruktutralaryny ösdürmegiň çäklerinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga hem uly üns berýärler.

2017-nji ýylyň aprel aýynyň başynda geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 6-njy mejlisiniň netijeleri boýunça şu resminamalara gol çekildi: Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda 2017-2021-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada hökümetara maksatnama, Koreý biržasy bilen Aşgabadyň fond biržasynyň arasynda fond biržasyny döretmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Bilelikdäki marketingiň görnüşleriniň düýpli barlagyny geçirmek meýilleri barada we «Türkmengaz» DK bilen «LG International» kompaniýalarynyň arasynda Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa zawodynyň polietilenini we polipropilenini satmak boýunça Ylalaşyga gol çekildi.

Meňzeş täzelikler

2014