Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň şu ýylyň 11 aýynda ösüşiniň netijelerine seredilip geçildi

8-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň on bir aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň geçiren işleriniň jemlerine garaldy, Prezident maksatnamalarynyň we beýleki milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi.

Döwlet Baştutany mejlisi açmak bilen, Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda 1690 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky kanunçylyk namasyny kabul etmek kararyna gelendigini habar berdi. Olar 21 milletiň wekilleridir.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şanly baýram mynasybetli 697 raýaty mundan beýläk jeza çäresini çekmekden azat etmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň «Küştdepdi» milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi.

Bu çözgüt umumadamzat medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň ägirt uly ähmiýetiniň ykrarnamasydyr. Küştdepdi halk döredijiliginiň köp öwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni däp-dessurlaryny we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny şöhlelendirýär hem-de geçen döwürleriň ýörelgelerini we häzirki zamanyň döredijilik energiýasynyň sazlaşygynyň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Siziň bilşiňiz ýaly, ozal «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaý» ýaly taryhy-medeni ýadygärlikler bilen bir hatarda «Görogly» şadessany hem ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilipdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutany ýygnananlary we türkmenistanlylaryň ählisini bu şanly waka bilen gutlap, milli medeni mirasymyzy mundan beýläk-de giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Öz gezeginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew geçen on bir aýda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylmagy babatda, şeýle hem uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek ulgamynda gazanylan görkezijiler barada aýdyldy. Benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 102,1 göterim, dizel ýangyjyny çykarmakda 101,1 göterim, polipropilen öndürmekde, 104,3 göterim, çalgy ýaglaryny çykarmakda — 102,6 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmekde — 107,8 göterim berjaý edilendigi habar berildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 103,4 göterime, “mawy ýangyjyň” eksport edilişiniň ösüş depgini 103,7 göterime deň boldy.

Wise-premýer şeýle hem tassyklanan meýilnama laýyklykda alnyp barylýan Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy barada hem hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmegi, ýangyç-energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak, işleriň netijeliligini gazanmak boýunça anyk çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagyndaky çözülmeli möhüm meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumyny has-da ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi, ýolbaşçy işgärleri, başarjaň hünärmenleri saýlamaga ünsi güýçlendirmegi, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla senli döwür üçin maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ilkinji nobatda munuň özi ulanylýan känlerde nebitiň gazylyp alnyşynyň möçberlerini artdyrmak, geljegi uly täze meýdançalary özleşdirmek, nebiti almagyň döwrebap tehnologiýalaryny peýdalanmak ýaly ugurlara degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýewe işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edip, olary gysga wagtyň içinde düzetmegiň zerurdygyny duýduryp, degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda Ykdysady jenaýatçylyklara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýewe söz berdi. Ol birnäçe ministrliklerde we pudak edaralarynda seljerme işleriniň geçirilendigi barada maglumat berdi.

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba we suw hojalyk, Demir ýol ulaglary ministrlikleriniň, «Türkmennebit» Döwlet konserniniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň düzümlerinde we bölümlerinde geçirilen seljerme işleriniň barşynda birnäçe jogapkär adamlaryň gulluk wezipelerinden hyýanatly peýdalanandyklarynyň, parahorlugyň we korrupsiýanyň ýüze çykarylandygy, şunlukda ägirt uly maddy zyýanyň ýetirilendigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Bäşimowa käýinç yglan etdi.

Soňra hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen on bir aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garady we ýurdumyzyň içerki syýasatynyň esasy ugurlary barada aýdyp, geljek ýylda öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,5 göterime ýetirildi. Halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça on bir aýda önümçiligiň möçberleriniň ösüşi bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri köpeldi. Ýurdumyzda köp sanly önümçilik we durmuş maksatly täze desgalar gurlup, ulanmaga berildi.

Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, dürli önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberi 6,1 göterim artdy. Şol önümleriň arasynda sement, pagta süýümi hem-de beýleki harytlar bar. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň we materiallaryň möçberi 21 göterime golaý azaldy. Çig malyň, materiallaryň, azyk we azyk däl harytlaryň getirilýän möçberleriniň azalmagyna, bu harytlaryň özümizde öndürilişiniň artdyrylmagy ep-esli derejede täsir etdi.

Bar bolan ähli kynçylyklara garamazdan, täze 2018-nji ýylda ýurdumyzy häzirki ýaly ýokary depginler bilen ösdürmek wezipesiniň durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmelidigini belledi. 2018-nji ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetiniň, şeýle hem, ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznanyň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Geljek ýylda giň möçberli gurluşyk işlerini alyp bararys, täze ýollary, ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri we beýleki desgalary gurmagy dowam ederis. Ýurdumyzyň energetika, nebitgaz we senagat pudaklaryny, telekeçilik ulgamyny ösdüreris. Biziň eziz halkymyzyň bähbidine alyp baran we alyp barýan ähli işlerimiz halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär diýip, Prezident belledi.

Eksporty artdyrmak meselesiniň esasy wezipedigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçilerine goldaw bermek, bilelikdäki kärhanalary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilik düzümlerini döretmek işlerine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri ykdysadyýetimizde döwletiň paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy, hususylaşdyrmagyň sanawyna döwlete degişli aýratyn energetika, ulaglar we aragatnaşyk kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem beýleki köp sanly desgalary goşmagy tabşyrdy.

Biz Ýaşulular maslahatynda kabul edilen, ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyna — ösüşiň täze ykdysady nusgasyna aýratyn üns bermeli. Bu bolsa, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gurluş özgertmeleriniň esasyny goýar diýip, döwlet Baştutany belledi.

Mejlisiň barşynda şeýle hem döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garalyp geçildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Meňzeş täzelikler

2014