Türkmenistanyň Prezidenti we Owganystanyň ilçisi TOPH taslamasynyň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýetini belläp geçdiler

TOPH taslamasynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfi bilen geçiren duşuşygynyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi.

Duşuşygyň dowamynda, Aziýa giňişliginde örän iri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň Owganystanda parahatçylykly durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädim bolandygy hem-de hakyky hoşniýetli goňşuçylykly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nyşanydygy hakynda bellenilip geçildi.

Öň belläp geçişimiz ýaly, 2015-nji ýylyň dekabrynda dabaraly ýagdaýda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda bu gaz geçirijiniň 75 kilometre uzaýan başlangyç böleginde kebşirlemek işleri alnyp barylýar. TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometre barabar bolan türkmen böleginiň taslama we gurluşyk işlerini «Türkmennebitgazgurluşyk» hem-de «Türkmengaz» Döwlet konsernleri alyp barýar. «TAPI Pipeline Company Limited» halkara konsorsiumynyň lideri hökmünde «Türkmengaz» Döwlet konserni turbageçirijiniň gurluşyk, maliýe hem-de ulanyş meselelerini düzgünleşdirýär.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany we ilçi birnäçe esasy ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyp, iki ýurduň däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Owganystanyň doly ygtyýarly wekili öz Watanynda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly sazlamaga hem-de Merkezi Aziýa sebitinde yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halky bilen asyrlaryň dowamynda ýola goýlan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýulýandygyny aýratyn nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  köptaraply türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistanyň Owganystanyň içindäki gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar arkaly çözmegiň hem-de goňşy ýurtda raýat ylalaşygynyň ýola goýulmagynyň hemişe tarapdary bolup çykyş edip, doganlyk halka bagtyýar geljegi gurmakda hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berjekdigini aýtdy.

Meňzeş täzelikler

2014