Türkmenistan bilen ESKATO-nyň arasynda ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Şamşad Ahtary bilen geçiren duşuşygynda ulag we energetika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren, bu ugurlarda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Şol başlangyçlar bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki wajyp wekilçilikli forumlaryň belent münberinden beýan edildi.

Şamşad Ahtarynyň belleýşi ýaly, ESKATO we tutuş BMG Türkmenistany ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hasaplaýar hem-de ýurdumyzyň oňyn daşary syýasat ugruny goldaýarlar. Şol ugur bolsa sebit hem-de dünýä derejesinde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde bolan  hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýar.

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda ulag- aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahaty ýurdumyz abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň birnäçesi, şol sanda ESKATO bilen bilelikde gurady. Ýokary derejeli bu forumyň jemleýji  resminamasynyň – Aşgabat Jarnamasynyň  esasy ugurlary türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy  tarapyndan şol ýylyň dekabrynda kabul edilen degişli kararnamanyň düzgünlerinde öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň ählumumy energiýa howpsuzlygynyň döwrebap arhitekturasyny kemala getirmek boýunça başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň iki gezek – 2008-nji we 2013-nji ýyllarda "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky kararnamany kabul etmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 2015-nji ýylyň dekabrynda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasy ulag meseleleri boýunça Türkmenistanyň öňe süren Rezolýusiýasyny ikinji gezek kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanda amala aşyrylýan möhüm düzümleýin taslamalaryň, şol sanda ulag we energetika ulgamlaryndaky taslamalaryň döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin ygtybarly esasy  hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýändigi bellenildi.

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri maýa goýum taslamalarynyň başyny başlap we olary durmuşa geçirip, sebit we dünýä möçberinde köp şahaly ulag –üstaşyr düzümini hem-de energiýa serişdeleriniň ygtybarly iberilmegi üçin diwersifikasiýalaşdyrylan turba geçiriji düzümi döretmäge saldamly goşant goşýar.

Tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmaklygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda hereket edýän turbageçiriji infrastrukturalary Türkmenistandan «mawy ýangyjy» Hytaýa, Eýrana we Russiýa eksport etmäge mümkinçilik berýär. Geçen ýylyň dekabryndan TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygy başlandy. Häzirki wagtda türkmen gazyny ýewropa tarap ugratmaga mümkinlik berjek Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasy işjeň maslahatlaşylýar.

Meňzeş täzelikler

2014