“Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň Türkmenistanda goýan maýasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna ýetdi

“Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy Türkmenistanda işleýän 15 ýyldan gowrak döwrüniň içinde “Çeleken” şertnamalaýyn çäkdäki deňiz ýataklaryny işläp taýýarlamaga ABŞ-nyň 5 milliard dollaryny goýdy.

Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän “Çeleken” meýdançasynyň  şertnamalaýyn çägine Jeýtun we Jygalybeg ýataklary girýär. “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy (Birleşen Arap Emirlikleri) olary 1999-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen baglaşan şertnamasynyň şertleri esasynda işläp taýýarlaýar. Ylalaşygyň şertleri boýunça operator şertnamalaýyn çäkde nebiti we gazy işläp taýýarlamak we çykarmak üçin möhleti 25 ýyla deň bolan ygtyýarnama eýe bolup durýar.  

Operatoryň esasy maýasy önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we suwuk ulewodorodlaryň çykarylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Şertnamalaýyn  çäkde täze platformalaryň dokuzysy guruldy we oturdyldy, bar bolan platformalaryň durky täzelendi, deňizdäki ýataklardan nebiti toplumlaýyn taýýarlaýan we işleýän kärhana (NTTIK) gelip gowuşýan önümleriň artýan möçberi üçin 30 dýuýmlyk magistral turba geçiriji çekildi.   

Ýataklarda guýulary burawlamak işleri özi göterýän «ELIMA», «NEPTUNE», «CASPIAN DRILLER» buraw desgalaryny, şeýle hem meýdança üstünde oturdylýan «SAKSON» desgasyny peýdalanmak bilen alnyp barylýar. Döwrebap enjamlaryň ulanylmagy hünärmenlere ýataklaryň özleşdirilişini ep-esli çaltlandyrmaga hem-de nebitiň we gazyň çykarylmaly möçberini saklamaga mümkinçilik berdi.

Umuman, taslamanyň amala aşyrylyp başlanan wagtyndan bäri täze guýularyň 118-si ulanmaga berildi. Diňe 2015-nji ýylda olaryň 12-si burawlandy, bu bolsa, nebitiň gije-gündiziň dowamynda çykarylýan ortaça mukdaryny 96 müň barrele ýa-da 12 müň 300 tonnadan gowrak tonna ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şunda kompaniýa nebiti çykarmagyň bu ýokary görkezijisini geljek bäş ýylyň dowamynda saklamaga taýýardyr.   

Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga laýyklykda geljek ýyllar üçin meýilnamalarda nebitiň möçberini artdyrmaga, täze platformalary, uglewodorod çig malyny geçirýän ulgamy gurmaga, nebit guýujy terminaly döwrebaplaşdyrmaga we durkuny täzelemäge, ugurdaş gazy taýýarlaýan kuwwatlyklary we hebitgaz ulgamynyň beýleki desgalaryny gurmaga gönükdirilýän maýa goýumlaryny artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Esasy işlerden başga-da, “Çeleken” şertnamalaýyn çäkdäki kenar nebitgaz düzümini kämilleşdirmek boýunça durkuny täzelemek işleri dowam edýär. NTTIK-niň kuwwatlyklaryny artdyrmak maksadynda kompaniýanyň hünärmenleri çig nebiti akdyrmak üçin magistral ulgamy gurdular we işe girizdiler. Häzirki wagtda NTTIK-niň çäginde nebit saklamak üçin umumy sygymlylygy 160 müň tonna deň bolan täze çelekleriň sekizisiniň gurluşygy işjeň alnyp barylýar. Bu taslamany 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda tamamlamak bellenildi.     

Meňzeş täzelikler

2014