Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmek maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde  ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň ilerledilişi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek babatdaky wezipelere ünsi çekdi. Şol wezipeleriň çözülmegi bolsa ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmaga hem-de Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz wise-premýere  Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky täze desgalaryň gurluşygy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagatda ýakyn geljekde durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan düzümleýin taslamalary ilerletmek boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde garalan beýleki meseleleriň arasynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, dokma senagatynyň önümçilik düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň Abadan etrabynda gurlan haly we haly önümlerini öndürýän kärhananyň hem-de Aşgabat nah mata kombinatynda ýylda 2,5 million jübüt jorap öndürýän täze kärhananyň açylyş dabaralaryna  görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler boldy.   

Aşgabatda gurulýan täze Halkara howa menziliniň desgalarynda işleriň ýagdaýyna, şeýle hem ikinji emeli hemrany gurmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.

Okyjylarynyň sanyny köpeltmek üçin çärýekde bir gezek çykýan “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” atly žurnal makaladyr, habarlaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edip başlar.  

Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ýylyň açylyş dabarasyny mart aýynyň ikinji ýarymynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ýylyň dowamynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde medeniýet ulgamynyň işgärleriniň, şahyrlaryň we ýazyjylaryň gatnaşmagynda maslahatlary, duşuşyklary hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertlerini we beýleki halkara çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bulardan başga-da, mejlisde Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen Dünýä Hökümetleriniň Sammitiniň netijelerine garaldy, onuň işine 150 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem-de birnäçe abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine dünýä jemgyýetçiliginiň geljegi üçin wajyp meseleleriň giň toplumy girizildi. Şol meseleleriň hatarynda ykdysadyýet we durmuş ulgamyny, bilimi, ylmy we tehnologiýalary, saglygy goraýşy has-da ösdürmegiň geljegi we ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem ýaşlar syýasatyna, daşky gurşawy goramaga degişli meseleler boldy.  

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, býujetden sarp edijiler boýunça üpjün etmeleriň (harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň) çäklendirme pul möçberi 20 müň manat diýlip bellenildi. Býujetden  sarp edijileriň zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Meňzeş täzelikler

2014