Wenesuelanyň Prezidenti milli kriptowalýuta bolan El Petro-nyň çykyp başlandygyny yglan etdi

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro nebit bilen üpjün edilen milli kriptowalýuta bolan El Petro-nyň çykyp başlandygyny yglan etdi. Onuň aýtmagyna görä, 100 mln El Petro çykarylar, diýip rus Nebitgaz habarlary agentligi beýan edýär.

«Men wenesuelannyň nebit baýlyklary bilen kanuny taýdan üpjün edilen 100 mln El Petro çykarmaklygy tabşyrdym. Her bir El Petro bir barrel wenesul nebitiniň bahasyna barabar bolar» - diýip Maduro hökümet mejlisinde aýtdy.

«Bank» hökmünde Aýakuço nebit çykarýan sebit çykyş eder. Bu ýerde 5,442 milliardan gowrak barrel sertifisirlenen nebit jemlenen.

Wenesuela şeýle hem öz kriptowalýutasyny az mukdarda bolsa hem gaz, altyn we almaz bilen hem goldamaga taýýar.

Hakyky serişdeler bilen berkidilen kriptowalýutalar wirtual bitkoýndan we onuň analogyndan tapawutlylykda, maliýeçiler we maýadarlar üçin garaşylmadyk ýagdaýda özüne çekiji gyzykly bolup biler, diýip neşir belleýär. Wenesuela altyn merkezi hödürleýär — ýagny, geleşik üçin amatly bolan kriptowalýutany hödürleýär. Onda milliard barrel nebit möçberinde bahalandyryp boljak nyrh bar.

Analitikleriň belleýşi ýaly, bu hili ädimleriň howplary hem ýokary, ýöne Maduronyň hökümeti hut şolar ýaly ýagdaýda bolýarlar. Ýurt agyr maliýe çökgünliginden çykyp bilmeýär, şol bir wagtda bolsa, onuň nebit çykarýan ulgamyny Russiýa, Hytaý we ABŞ öz eline alyp gelýär. Bu hadysany togtatmak, Petro köp sanly maýalary çekmek we tebigy serişdelere gözegçiligi saklamak — ine, täze kriptowalýutnyň awtorlarynyň öňünde goýýan wezipesi, diýip «Tehkult» habar berýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014