Hytaý Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden Eýrana geçýän üstaşyr demir ýol ugruny synag edýär

Türkmenistandan Eýrana Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça nobatdaky synag gatnawyny amala aşyrýan konteýner ýük düzümi geçdi.

2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Hytaýyň günortasyndaky iri senagat merkezi Çanşa şäherinden (Hunan welaýaty) ýola düşen, halkyň sarp edýän harytlary ýüklenen 41 sany konteýner wagonlaryndan ybarat bolan demir ýol düzümi yzygiderli ýük daşamagy ýola goýmak üçin geçmeli ýoluň wagtlaýyn we beýleki iş häsiýetnamalaryny takyk kesgitlemäge ýardam eder.

Çanşa-Altynköl-Bolaşak-Serhetýaka-Akýaýla-Inçeburun-Tähran ugry boýunça ýöreýän ýük düzümini ugratmak wakanyň ähmiýetine laýyk gelýän dabaraly ýagdaýda geçdi.

Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ýoly boýunça ilkinji ýük düzüminiň yzýany bilen 29-njy dekabrda HHR-iň merkezi bölegindäki awtanom sebitiň Inçuan şäherinden, ertesi güni 30-njy dekabrda bolsa, ýurduň demirgazygynda ýerleşen Şansi welaýatynyň Sian şäherinden üçünji ýük düzüminiň ugrandygyny aýtmak gerek.

Dostlukly ýurtlaryň dördüsiniň ulag-logistika düzüminiň mümkinçiliklerini barlaýan ilkinji ýük düzümi 4-nji ýanwarda Gazagystanyň Altynköl serhetýaka menziline gelip ýetdi, 7-nji ýanwarda bolsa Türkmenistanyň serhetlerine ýetip, bu ýerde, Serhetýaka menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylanyldy.

Soňra ol Balkan welaýatynyň günorta künjeginde ýerleşen Akýaýla menziline çenli 825 kilometr ýoly geçip, Eýranyň çäklerine çykdy.

Türkmenistan üçin bu halkara logistika taslamasyna gatnaşmak üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagyny aňladýar.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan has amatly ýol, ýükleri daşamagyň, şol sanda üstaşyr daşamagyň, geljekde bolsa ýolagçylary gatnatmak üçin gysga ýol bolup hyzmat eder.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly diňe täjirçilik nukdaýnazaryndan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde we onuň çäklerinden alyslarda umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge ukyply geosyýasatyň, Aziýada durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň möhüm şertine öwrülmäge, kontinental syýasy gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylygy çaýmaga ukyply bolup biler.

Halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly düzümleriň derejesinde özara gatnaşyklary berkitmek babatda hem bu ýoly peýdalanmagyň geljeginiň uludygyny görkezýär.

Meňzeş täzelikler

2014