«Brentiň» bahasy – $68,19, «WTI» - $62,20

9-njy ýanwarda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,41 göterim ýokarlanyp, 68,19 amerikan dollaryna barabar boldy. Öňki geçen söwdalaryň netijeleri boýunça şertnamalar 0,24 göterim gymmatlap, barreli 67,78 dollara barabar boldy, diýip Rus Nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.

Nebitiň bahalary 8-nji ýanwarda ABŞ-da nebitiň çykarylyşynyň ösüş depgininiň peselmegine garaşylmagy netijesinde ýokarlanmagyny dowam etdi.

Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,76 göterim gymmatlap, 62,20 amerikan dollaryna barabar boldy. 8-nji ýanwarda şertnamalar 0,47 göterim gymmatlap, 61,73 dollara deň boldy, diýip Interfaks habar berýär.

Geçen hepdäniň netijeleri boýunça «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 1,1 göterim, «WTI-niňki» 1,7 göterim ýokarlandy.

Baker Hughesiň 5-nji ýanwarda neşir edilen maglumatlary ABŞ-da hereket edýän nebiti gaýtadan işleýän desgalaryň sanynyň geçen hepdede 5 birlik azalyp – 742-ä ýetendigini habar berdi.

Hereket edýän desgalaryň sanynyň azalmagy nebitiň çykarylyşynyň peselmegini aňladýar. Bu bolsa bazara goldawdyr.

Şol bir wagtda nebitiň bahalarynyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna garaşylýar. «Brent» nebitiniň bahalary geçen hepdede rekord derejä çenli ýokarlandy.

Meňzeş täzelikler

2014