Ýanwar aýynda TANAP turba geçirijisi synagdan geçirilip başlanar

2017-nji ýylyň dekabryna çenli ýagdaýda Transanatoliý (TANAP) turba geçirijisiniň gurluşygynyň çäklerinde umumy öňe gidişlik 96,6 göterime deň boldy, diýip TANAp konsorsiumynyň ýolbaşçysy Saltuk Dýuzýol aýtdy. Bu barada Trend habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, Gruziýanyň serhedinden Türkiýä Eskişehire çenli bölek dolulygyna guruldy (Faza «0»).

«Faza «0-uň» çeklerinde turbageçirijiniň synagy we ulanyşa girizilmegi 2018-nji ýylyň ýanwarynda başlanar. Eskişehirden Türkiýäniň we Gresiýanyň serhedine çenli bölegiň gurluşy (Faza «1») meýilleşdirilen tertibe laýyklykda alnyp barylýar. TANAP 2018-nji ýylyň iýun aýynda Eskişehiriň BOTAS milli gaz toruna ilkinji gazy ibermäge taýýar bolar» diýip Dýuzýol aýtdy.

TANAP turbageçirijisi gruzin-türk serhedinden Türkiýäniň günbatar serhedine çenli çekiler. TANAP Transadriatik (TAP) gaz geçirijisi bilen birlikde «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bir bölegidir. Bu taslama «Şah Deňiz» azerbaýjan gaz käninden Ýewropa nebit ugratmaklygy göz öňünde tutulýar.

Garaşylyşy ýaly, TANAP gaz geçirijisiniň başlangyç geçirijilik ukyby ýylda 16 milliard kub metr gaza barabar bolar. Alty millird kub metre golaýy Türkiýä, galany bolsa – Ýewropa iberiler. Transadriatik gaz geçirijisiniň (TAP) gurluşygy tamamlanandan soňra, ilkinji gaz Ýewropa takmynan 2020-nji ýylyň başynda barar.

TANAP taslamasynyň bahasy 7,9 milliard dollardyr.

Häzirki wagtda «Günorta gaz geçelgesi» (58 göterim) ÝGPJ, Botas (30 göterim) we BP (12 göterim) TANAP taslamasynyň paýdarlary bolup durýarlar.

Meňzeş täzelikler

2014