ABŞ-nyň energetika boýunça ýörite wekili «Günorta gaz geçelgesiniň» Konsultatiw geňeşiniň mejlisine gatnaşar

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara energetikasy boýunça ýörite wekiliniň we utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Sýu Saarnio fewral aýynda Azerbaýjana sapar bilen barar. Onuň dowamynda ol «Günorta gaz geçelgesiniň» Konsultatiw geňeşiniň dördünji mejlisine gatnaşar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentinde habar berdiler, diýip Trend belleýär.

Azerbaýjanyň energetika ministrliginde habar berlişi ýaly, mejlisiň anyk senesi ýakyn günlerde mälim ediler.

«Günorta gaz geçelgesiniň» Konsultatiw geňeşiniň birinji mejlisi 2015-nji ýylyň 12-nji fewralynda, ikinjisi – 2016-njy ýylyň 29-njy fewralynda, üçünjisi – 2017-nji ýylyň 23-nji fewralynda geçirildi.

«Günorta gaz geçelgesi» taslamasy ÝB-niň geljegi uly taslamalarynyň biridir. Ol Hazar sebitinden Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa 10 milliard kub metr azerbaýjan gazyny ibermekligi göz öňünde tutýar.

Başlangyç tapgyrda «Şah Deňzi» gazkondensatly azerbaýjan känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň çäginde çykaryljak gaz «Günorta gaz geçelgesi» taslamalary üçin esasy gaz çeşmesi hökmünde görülýär. Soňrakky tapgyrlarda taslama beýleki çeşmeler hem goşulyp bilner.

Käni özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň çäginde gaz Günorta Kawkaz gaz geçirijisiniň giňeldilmegi hem-de Transanatoliý we Transadriatik turbageçirijiisileriniň gurulmagy bilen Türkiýä we beýleki ýewropa bazarlaryna eksport ediler.

 

Meňzeş täzelikler

2014