«WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 63 dollardan geçdi

ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň energetika maglumatlaryny dolandyrmak çaklamasynyň neşir edilmegi netijesinde «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 2014-nji ýylyň 10-njy dekabryndan bäri ilkinji gezek 63 dollardan geçdi. Çaklama laýyklykda, «WTI» söwda belgili nebitiň ortaça bahasy 2018-nji ýylda 55,33 dollara barabar bolar. Muňa söwdalaryň netijeleri şaýatlyk edýär, diýip Ria Nowosti habar berýär.

«Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,55 göterim ýokarlanyp, 68,83 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 2,02 göterim gymmatlap, 62,99 amerikan dollaryna barabar boldy. Öňräk, «WTI-niň» bahasy 63,02 dollara deň boldy.

Meňzeş täzelikler

2014