Azerbaýjan OPEC+ borçnamalaryny ýerine ýetirmekde 2017-nji ýylda tapawutlandy

Azerbaýjan OPEC+ monitoring geňeşine ýurtda nebitiň gündelik çykarylyşy barada hasabatyny hödürledi. Oňa laýyklykda, dekabrda bu görkeziji 810 müň barrele, noýabrda 790,7 müň barrele deň boldy. Azerbaýjan 2017-nji ýylda öz borçnamalaryny şular ýaly ýerine ýetirdi. Bu barada Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Zamina Aliýewa habar berdi, diýip Praým belleýär.

Ol şeýle hem Azerbaýjanyň nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça borçnamalaryny doly berjaý edýändigini nygtady.

OPEC we nebit çykarýan beýleki döwletler (OPEC+) 2016-njy ýylyň ahyrynda nebitiň çykarylyşyny oktýabrdaky derejeden günde 1,8 mln barrel çäklendirmegi ylalaşdylar. Ylalaşygyň çäklerinde Azerbaýjan günde 35 müň barrel (869 müň barrel derejeden) çäklendirmek borçnamalaryny öz üstüne aldy. Ylalaşyk 2017-nji ýylyň birinji ýarymy üçin baglaşyldy, maý aýynda ol ýene-de üç çärýek — 2018-nji ýylyň martyna çenli, noýabrda bolsa, ýene-de 9 aý — 2018-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldyldy.

Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtda dekabr aýynda nebitiň gündelik çykarylýan möçberi 810 müň barrele ýetdi, onuň 755,1 müň barreli çig nebit, 54,9 müň barreli bolsa – kondensat. Her günde 649,4 müň barrel çig nebit, 54,9 müň barrel kondensat we 20,1 müň barrel nebit önümleri eksport edildi.

Meňzeş täzelikler

2014