Döwlet zerurlyklary üçin potratçylary seçip almakda bäsleşikleri geçirmekligiň täze Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Býujetden sarp edijileriň zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça potratçylary seçip almakda bäsleşikleri geçirmekligiň täze Tertibi tassyklanyldy. Bu resminamanyň taslamasyna geçen hepdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garalyp geçildi.

Döwlet Baştutany, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylygyň yzygiderli seljerilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Sarp edijileriň  zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we  hyzmatlary etmek boýunça potratçylary seçip almakda bäsleşikleri geçirmegiň tertibiniň kämilleşdirilmegi döwlete dahylly bolmadyk ulgamda bäsleşigiň derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ýurdumyzda ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder diýip, Prezident aýtdy.

Mundan öň, Býujetden sarp edijileriň zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça potratçylary seçip almakda bäsleşikleri geçirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky Karary bilen tassyklanan Tertibe laýyklykda amala aşyrylýardy. 2014-nji ýylyň dekabr aýynda “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilipdi.  Ady agzalan resminamanyň täze taslamasy hem, şol Kanunyň kadalaryna laýyklykda işlenip düzülipdi.

Meňzeş täzelikler

2014