Nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär, «Brentiň» bahasy 69 dollardan geçdi

2018-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,5 göterim ýokarlanyp, 69,16 amerikan dollaryna deň boldy. «Brent» 2015-nji ýylyň maýyndan bäri, ilkinji gezek 69 dollar derejeden ýokarlandy, diýip rus Nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.

«WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,8 göterim gymmatlap, 63,46 amerikan dollaryna barabar boldy, diýip Finmarket habar berýär.

«Gara altynyň» bahalary ABŞ-da ýangyç ätiýaçlyklarynyň nobatdaky gezek azaldylmagyna garaşylmagy netijesinde 9-njy ýanwarda gymmatlamagyny dowam etdi. 9-njy ýanwarda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,5 göterim ýokarlanyp, 68,82 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 2 göterim gymmatlap, 62,96 amerikan dollaryna barabar boldy.

Meňzeş täzelikler

2014